Kategoriýalar

Sargydy nädip etmeli



1. Girmek ýa-da hasaba alynmak

Sargydy diňe şahsy otagyňyzda ýerleşdirip bilersiňiz. Telefon belgiňizi ulanyp giriň ýa-da hasaba alnyň:

2. “Sebede” haryt goşuň

Harydyň kartoçkasynda degişli görnüşi we ölçegi (reňki) saýlaň we “Sebede goş düwmesine basyň:

3. Sebede geçiň

Sargydy resmileşdirmegi dowam etmek üçin “Sebede” geçiň.

Harydyň kartoçkasynda “Sebede” geçiň düwmesine basyň:

4. Sargyt barlaň

Sargydýagdaýyny barlaň. Haryt saýlananda ýalňyşlyk goýberen bolsaňyz, mukdaryny üýtgediň ýa-da sebetden aýryň:

5. Gowşuryş salgysyny saýlaň

Eltip bermek usulyny saýlaň.

6. Töleg usulyny saýlaň

Teklip edilýän görnüşlerden töleg usulyny saýlaň.

7. Sargydyň resmileşdirilmegini tamamlaň

“Sargydy tölemek” düwmesine basyň. Töleg kabul edilenden soň sargyt resmileşdiriler.

 

Töleg usullary

Saýlanan harytlary diňe milli manatda nagt görnüşinde, bank kartlary arkaly onlaýn ýa-da çapar baran wagty terminal arkaly.

 

Eltip bermek

Sargytlary Aşgabat şäheriniň çäginde,  şeýle hem Türkmenistanyň beýleki ilatly nokatlaryna-da “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Salgydan- salga” hyzmatynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

 

Eltip bermegiň bahasy

Sargytlar Aşgabat şäheriniň çäginde 24 sagadyň dowamynda we Türkmenistanyň beýleki ilatly nokatlaryna 3-5 günüň dowamynda eltip berilýär.

Aşgabatda eltip bermegiň bahasy 15-25 manat (gowşurylyşy ýerine we tizligine baglylykda) üýtgeýär. Welaýatlarda müşderiniň salgysyna eltip bermegiň bahasy bahasy 3 kg çenli 40 manat we her bir goşmaça 1 kg agramy üçin 5 manat. Müşderiniň satyn alan aňryçäk agramy 5 kg we aňryçäk ölçegleri 60 we 40 sm bolan sargydy “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň poçta aragatnaşyk bölümine çenli tölegsiz eltip berilýär. 

Market bölüminde edilen ähli sargytlaryň bahasy 150 manatdan köp bolsa Aşgabat şäheriniň içinde mugt eltip berilýär.

 

Sargydy gaýtarmak

Sargyt kabul edilenden soň, çapar sargydyň kabul edilip alnandygyny gol çekip tassyklamak üçin 2 sany ýan hatyny berer. Soňra, çapar Size bir ýan hatyny berer we birini özünde galdyrar.

Harytlaryň yzyna gaýtarylmagy diňe öndürijiniň kemçilikleri bolan ýagdaýynda mümkindir. Şonuň üçin müşderi sargydy kabul edende harytlaryň kemçiliklerini barlamaly we ýan hata gol çekmeli, şeýlelik bilen harytlarda kemçilikleriň ýokdugyny tassyklamaly. Arassaçylyk ülňüleri sebäpli içki eşikleriň (erkekleriň, aýallaryň, çagalaryň) gaýtarylmagy gelmegi we çalşylmagy mümkin däldir.

 

Yzyna gaýtaryp bermek

Nagt däl tölegler

Satyn alyjy bank karty bilen onlaýn töläp satyn alan harytlaryny yzyna gaýtarsa, onuň üçin tölenen pul serişdeleri tölenen bank kartyna awtomatiki usulda gaýtarylar.

Bu amaldan, bank hasabyňyza pul serişdeleriň geçiriliş möhleti, hasap açylan bankyňyzyň şertlerine bagly bolar.

 

Satmak düzgünleri

Sargytlar shop.post.tm internet saýty arkaly edilýär.